Sepleriň elýeterliligi

'Ady dakyljak bolsa, has mynasyp atşynaslar bar'


Geldi Kärizow.

Geldi Kärizow.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Gökdepede etrabynda ýerleşýän täze halkara atçylyk toplumyna Aba Annaýewiň ady dakyldy. Türkmen mediasynyň 12-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, bu çäre Türkmenistanyň Mejlsiniň karary esasynda amala aşyryldy.

Prezident G.Berdimuhamedowyň garyndaşydygy aýdylýan Aba Annaýewiň “Türkmenistanyň milli sungatynda aýratyn yz galdyrandygy” resmi maglumatda bellenilýär.

Eýse, Aba Annaýew we onuň atçylyk ugrunda eden işleri barada kim näme bilýär?

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ozalky başlygy Geldi Kärizow bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG