Sepleriň elýeterliligi

Baku: Oppozisiýa aktiwisti tussag edildi


Azerbaýjanyň “Halk fronty” atly oppozision partiýasynyň aktiwisti Bakuda tussag edildi.

Turan Ibrahim öz öýüniň golaýynda 13-nji ýanwarda saklandy.

Onuň dogany Togrul Ibrahim işden öýüne barýan aktiwisti azyndan ýedi polisiýa ofiseriniň tussag edendigini gürrüň berdi. Torgun Ibrahimiň sözlerine görä, aktiwist Bakunyň Narman etrabynyň polisiýa bölümine alynyp baryldy we polisiýa garşylyk görkezmekde aýyplanýar.

Bu tussaglyk Azerbaýjanyň birnäçe etraplarynda protestleriň döremeginiň yzýanyna gabat geldi. Protestçiler işsizlige, bahalaryň ýokarlanmagyna we nebite baý ýurtdaky beýleki ykdysady kynçylyklara nägilelik bildirýärler.

Azerbaýjanyň “Halk fronty” atly oppozision partiýasynyň ýaşlar komitetiniň agzasy Ibrahimiň kakasy Mammad Ibrahim partiýanyň geňeşçisi bolup, sentýabr aýyndan bäri tussaglykda saklanýar.

XS
SM
MD
LG