Sepleriň elýeterliligi

Siriýa,Yrak: ABŞ YD garşy söweşe goldawyny artdyrar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter, Waşington, 9-njy dekabr, 2015

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter, Waşington, 9-njy dekabr, 2015

ABŞ Yrakda ýörite güýçlerini ýerleşdirdi we häzir “Yslam döwleti” toparynyň Siriýada we Yrakda güýç merkezilerine garşy göreşi güýçlendirmek meselesine seredýär, diýip ABŞ-nyň goranmak sekretary aýtdy.

Geçen aýda Yragyň Anbar welaýatynyň Ramadi şäherini öz gözegçiligine almak ugrunda ýeňişe ýardam bermekde soň ABŞ-nyň harbylary häzir yraklylara we kürtleriň Peşmerga güýçlerine Mosul şäherini söweşijilerden gaýdyp almak ugrunda goldaw bermegi planlaşdyrýarlar, diýip Aş Karter 13-nji ýanwarda aýtdy.

Şeýle-de ABŞ-nyň koalision güýçleri Siriýanyň gozgalaňçy güýçlerine Rakka şäherini “Yslam döwleti” söweşiji toparyň elinden almaga kömek bererler.

YD topary bu şäheri öz halifatynyň paýtagty diýip atlandyrypdy.

Karter ABŞ-nyň harbylarynyň öňünde eden çykyşynda Rakka we Mosul şäherleri “harby, syýasy, ykdysady we ideologik taýdan agramly merkezlerdir” diýdi.

XS
SM
MD
LG