Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Maliýe ýolbaşçysy işden aýryldy


Berik Otemurat

Berik Otemurat

Gazagystanyň Merkezi banky maýa goýumlar boýunça edaranyň ýolbaşçysy ýurduň nebit fondunyň howp astyndadygyny aýdansoň ony işden boşatdy.

13-nji ýanwarda Maýa goýumlar boýunça milli korporasiýa öz ýolbaşçysy Berik Otemuradyň merkezi bank tarapyndan 8-nji ýanwarda işden çetleşdirilendigini beýan etdi.

Korporasiýa Otemuradyň näme sebäpden işden boşadylandygyny aýtmady, emma bu ýagdaý onuň “Wall Street Journal” we “Financial Times” neşirlerinde interwýusynyň çap bolan gününde ýüze çykdy.

Otemurat söhbetdeşliklerde, hususan-da 64 milliard dollarlyk fonduň alty ýa ýedi ýylyň dowamynda boşamagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG