Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: ‘YD-nyň’ häkimiýet merkezleri ele geçiriler


"Yslam döwleti" atly toparyň agzasy.

"Yslam döwleti" atly toparyň agzasy.

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri amerikan goşunynyň ýörite güýçlerine degişli esgerlerden ybarat bir toparyň Yrakda ýerleşdirilendigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, indi "Yslam döwleti" atly toparyň Yrakdaky we Siriýadaky häkimiýet merkezlerini eýelemek göz öňünde tutulýar.

Öten aý Yrak Birleşen Ştatlatlaryň godawy bilen Anbar welaýatynyň merkezi bolan Ramadi şäheriniň kontrollygyny ele aldy.

Indi hem amerikan harbylary, Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Aş Karteriň 13-nji ýanwarda bildirmegine görä, gazanylan bu ýeňşe daýanyp, Yragyň güýçlerini we kürt ”Peşmerga” söweşijilerini goldamak bilen Yragyň ikinji uly şäheri Mosuly yzyna almagy planlaşdyrýar.

Birleşen Ştatlar bilen ýaran güýçler Siriýada-da "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerini Rakkadan kowup çykarmakda siriýaly gozgalaňçylary-da goldarlar. "Yslam döwleti" topary Rakka şäherini öz halyfatynyň paýtagty diýip yglan etdi.

“Ideologik grawitasion merkezleri"

Karter Fort Kampelde amerikan ýaragly güýçlerine gönükdirilen ýüzlenmesinde Rakka bilen Mosul "Yslam döwleti" toparynyň "harby, syýasy, ykdysady we ideologik grawitasion merkezleri" diýdi.

"Biziň kampaniýamyzyň planynda Mosul bilen Rakka ýokary üns berilmeginiň sebäbi şu. Biz "Yslam döwleti" toparynyň bu iki şäheriň üstünden edýän kontrollygyny syndyrmakdan başlarys. Ondan soň bu toparyň Yrakda we Siriýada öz elinde saklaýan territoriýalarynda ýok ediş operasiýalaryna geçeris" diýip, Karter aýtdy.

Ol planlaşdyrylan söweş üçin esgerleriň üstüni ýetirmek maksady bilen özüniň geljek hepde "Yslam döwleti" toparyna garşy ýaranlyga girýän ýurtlar - Fransiýanyň, Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň we Beýik Britaniýanyň goranmak liderleri bilen duşuşjakdygyny bildirdi.

200 amerikan esgeri

"Bu elhenç guramanyň bütinleý dargadylmagy bu ýurtlaryň hemmesi üçin örän möhüm. Biz bularyň orta goýup biljek ähli başarnygyny almaly" diýip, Kartar aýtdy.

Mosuly gaýtaryp almak boýunça alnyp baryljak kampaniýada Karter "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerini Yragyň güýçleriniň günortadan, “Peşmeganyň” hem demirgazykdan gabamagy ýaly operasiýalary suratlandyrdy.

Ýöne ol bu şäheri çalt we aňsat gaýdyp alyp bolmaz diýip duýdurdy. Territoriýany yzyna almakda takmynan 200 amerikan esgerinden düzülen ýörite güýçler goldaw berer diýip, Karter sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň bildirmegine görä, bu güýçler "yraklylar bilen hyzmadaşlykda "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerini, olaryň harby ýolbaşçylaryny agtaryp tapmaga, tapylan ýerlerinde olary öldürmäge ýa tutmaga, şeýle hem beýleki esasy nyşanalar barada taýýarlyk görýär".

Karter bu beýanaty prezident Barak Obamanyň iň soňky ýüzlenmesinde Birleşen Ştatlar "Yslam döwleti" toparyna garşy söweşde dowamly ýeňiş gazanmak üçin Yrakda we Siriýada ýerli güýçler bilen işleşmeli diýen ynanjyny gaýtalanyndan bir gün soňra etdi.

Obama özüni tankytlaýan "Respublikan" partiýasynyň agzalaryna gönükdirip, konfliktleriň "amerikanlaşdyrylmagyna" garşy duýduryş berdi. Ol bu iş ekstremistleriň Günbatary Orta Gündogarda musulmanlaryň mukaddes ýerlerini eýelemekde aýyplamagyna ýol açar diýdi.

Karter beýanatynda 101-nji “Airborne diwiziýasynyň” esgerlerine ýüzlendi. Bu diwiziýanyň 1800 esgeri geljek aý Yraga iberiler. Olaryň etjek esasy işi Yragyň güýçlerini we kürt ”Peşmergä” söweşijilerini türgenleşdirmek bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG