Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda molla-nika gatnaşygy


Gyrgyzystanda nika baglaşjak oglan we gyzlar.

Gyrgyzystanda nika baglaşjak oglan we gyzlar.

Gyrgyzystanda mollanyň, döwletiň resmi nikasy bolmazdan, musulmançylygyň düzgünlerine görä dini nika gyýmagyna jenaýat işi hökmünde garamagy teklip edýän kanun taslamasy taýýarlanylýar.

Gyrgyzystanyň Mejlisiniň iki sany halk wekili şeýle kanun taslamasyny hödürlediler. Hödürlenen bu kanun taslamasynda mollanyň dini nika gyýjak mahaly eýermeli kadasyny düzgünleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Kämillik ýaşyna ýetmediklere nika gyýylmagy Merkezi Aziýanyň iň wawwaly meselesi. Kanunlar diňe kämillik ýaşyna ýetenleriň resmi nikadan geçmegine rugsat berýär. Ýöne ýurtda, ylaýta-da oba ýerlerindäki nikalaryň köpüsi, ene-atalaryň razyçylygy esasynda, ýerli mollanyň dini nika gyýmagy bilen durmuşa geçirilýär. Şeýle dini nikalaryň bolsa hiç ýerde kanuny tutarygy ýa-da resmi belligi bolmaýar.

Täze kanun taslamasyna görä, mundan beýläk durmuş gurmak isleýän ýaş çatynjalar üçin resmi nikada durýandygy baradaky şahadatnama almak hökmany we resmi organlaryň öňünde ony görkezmäge hem borçly bolarlar.

“Şeýle durmuş ýagdaýlary bar, ýagny gyzlar 15-16 ýaşa ýetende, derrew durmuşa çykarylýarlar we hiç hili resmi nikadan geçirilmeýärler. Bu düýbünden nädogry ýagdaý. Kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar şeýle ýaşda entek maşgala gurmaga taýýar bolmaýarlar. Şeýle ýagdaýda ýaş gyzlar öz ene-atalarynyň islegine garşy gidip bilmän, alaçsyz ýagdaýda durmuşa çykýarlar we soňam öz janyna kast edýärler” diýip, "Gyrgyzystan" partiýasynyň halk wekili we şol täze kanun taslamasynyň awtorlarynyň biri bolan Elmira Jumalyýewa Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna gürrüň berýär.

Elmira Jumaliýewa bilen bilelikde täze kanun taslamasyny taýýarlan "Atamekan" partiýasynyň halk wekili Aida Salýanowa bu ugurdaky jogapkärçiligiň resmi nika bolmazdan dini nikany gyýýan mollalaryň boýnuna goýulmagyny isleýärler. Olar şonuň ýaly-da resmi nikasy bolmazdan dini nika gyýdyrmak isleýänleriň islegini berjaý etse, mollanyň 3 ýyldan 5 ýyla çenli türmä basylmagyny talap edýärler.

ZAGS ýazgysy bolmazdan nika gyýylmagy

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bilen söhbetdeş bolan Oş welaýatynyň Nookat etrabynyň Adalat atly ýaşaýjysy özüniň üç gezek durmuşa çykarylandygyny we hiç birinde hem resmi nikadan, ýagny ZAGS-dan geçirilmändigini aýdýar.

Adalat: “Men birinji gezek 14 ýaşymda durmuşa çykaryldym. Şonda meniň ene-atam şeýle karara gelipdi. Kakam şonda meniň entek gaty ýaşdygym we meni aljak adamynyň hem özümden gaty uly ýaşdadygy baradaky nägileligime gulagam asmady. Ana, onsoň aradan iki ýyl geçen badyna biz aýrylyşdyk” diýip gürrüň berýär.

Kakasy ölenden soň Adalat ikinji gezek hem resmi bolmadyk ýagdaýda durmuşa çykypdyr. Ýöne bu gezek ol öz islegi bilen üç çagaly adama barypdyr. Adalatdan gyzy bolandan soň onuň adamsy Adalaty taşlap, öňki aýalynyň ýanyna dolanypdyr.

Adalat öz başdangeçirmelerini şeýle jemleýär: “Uçünji gezek hem men ýene resmi nikasyz durmuşa çykdym we iki çagam boldy. Bir gün adamym meniň "owadan däldigimi" aýtdy we çagalary we pensiýadaky garryja ejemi ekläp bilmejegini aýdyp, näçe ýalbarsam hem, meni taşlap gitdi”.

Onuň her gezek guran durmuşy bikanun ýagdaýda bolany üçin, ol ýaşaşan adamlaryndan hiç hili hak-hukuk talap edip bilmändir.

Gyrgyzystanda resmi bolmadyk nika esasynda ýaşaşmak gaty ýörgünli ýagdaý. "Nastoýaşoýe wremýa" (“Häzirki wagt”) gepleşiginiň geçiren söhbetdeşligi

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy häkimligiň hukuk işgäri Nookat Çynara Yrysbaýewa bilen gürrüňdeş boldy. Onuň aýtmagyna görä, şeýle wakalar ýurtda sanardan gaty köp. Adaty ýagdaýda taşlanan aýal maşgalalar häkimlige ýüz tutup, aýrylşan adamsynyň çagalaryna aliment tölemegi we mal-mülküň paýlaşylmagy barasynda kömek soraýarlar. Emma olaryň başda döwlet edarasynda resmi ýagdaýda nikadan geçmändigi üçin, olara kömek edip bolanok. Adalatyň başyndan geçiren tejribeleri göz öňünde tutulanda, resmi bolmadyk nikalarda ýüze çykýan şeýle problemalar diňe kämillik ýaşyna ýetmänkä durmuşa çykarylýan ýaş gyzlar bilen çäklenenok.

"Problemanyň çuňňurlygy"

Gyrgyzystanyň musulmanlarynyň dini edarasynyň pitiwa bölüminiň ýolbaşçysy Bagtyýar Toktagazyýew Jumalyýewa bilen Salýanowanyň hödürlän täze kanun taslamasynyň gaty seresaplylyk bilen öwrenilip, maslahatlaşylmalydygyny nygtaýar: “Bu meselede mollanyň nähili jogapkärçiligi bolup biler? Eger ýaş çatynjalar öz islegleri bilen nika gyýdyrmak üçin ýüz tutsalar, onda munuň jogapkärçiligini ol öz üstüňe almalymy? Molla diňe öz borjuny berjaý edip, nika gyýýar we şeýlelik bilen onuň bu meselä baglanyşygy şol ýerde hem gutarýar”.

Bagtyýar Togtagazyýew şol bir wagtyň özünde hem dini guramanyň şol täze kanun taslamasyna garşy çykyş etmeýändigini aýratyn belläp geçýär. Onuň aýtmagyna görä, nika gyýýan molla diňe özüne ýüz tutanlaryň hakyky ýaşyny we olaryň öz razyçylygy bilen durmuş gurýandygyny soramaga borçly.

Musulman zenanlaryň "Mutakallim" atly guramasynyň baştutany Jamal Frontbek gyzynyň pikirine görä bolsa, aslynda bu örän gowy ideýadyr. Ýöne ol şeýle täze kanun taslamasyny hödürlänleriň problemanyň gaty çuňňurlygyna düşünýändiklerine şübhelenýändigini bildirýär. Şonuň ýaly-da ol munuň bilen baglanyşykly şeýle diýýär: "Nikany namaz okaýan her bir adam gyýyp biler we muny gadagan etmäge hiç kimiň güýji ýetmez".

Dini nika Gyrgyzystanda barha giňden ýaýbaňlanýar we onuň-da belli sebäpleri bar. Munuň birinji sebäbi, ýagny ýaşlar Gyrgyzystanda barha dine köp ýykgyn edip, dini edim-gylymlary has köp durmuşa geçirmäge ürç edýärler. Şäherden uzak ýerlerde ýaşaýanlar resmi düzgünler sebäpli ZAGS bölümlerine ýüz tutmakdan gaça durýarlar. Şäherde ýaşaýanlar üçin hem resmi nikadan geçmek kyn hem gaty uzaga çekýär we gaty köp wagtlap nobatyňa garaşmaly bolýar.

Ikinji aýal, hatda üçünji we dördünji aýal alýanlar bolsa diňe dini nika gyýdyryp oňýarlar.

Zenanlar üçin resmi nikasyz, diňe dini nika bilen durmuş gurmak has gynançly ýagdaýyň döremegine eltip bilýär. Haçan-da adamsy aýalyny taşlap gidende, diňe elinde resmi nikanyň şahadatnamasy bolanlar kanunyň özüne berýän hak-hukuklaryndan we goragyndan peýdalanyp bilýärler.

Materialy taýýarlamaga gatnaşanlar: Gulaýym Aşakeýewa, Kanymgul Elkeýewa we Elenora Beýşenbek gyzy.

XS
SM
MD
LG