Sepleriň elýeterliligi

YD-nyň düzüminde 33 gyrgyz raýaty öldi


Gyrgyz hökümet resmileri 30-dan gowrak gyrgyzystanlynyň geçen ýylda Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde söweşip ölendigini aýtdylar.

Içeri işler ministrliginden Stalbek Rahmanowyň 15-nji ýanwarda aýtmagyna görä, 2015-nji ýylda 508 gyrgyz raýaty Siriýada we Yrakda dürli yslamçy söweşiji toparlara goşulypdyr, şol sanda 387 erkek adam, 121 zenan maşgala we 83 çaga hem ýetginjek.

Rahmanowyň bellemegine görä, 40 gyrgyz raýaty geçen ýylda Siriýadan we Yrakdan öz ýurduna gaýdyp gelipdir, 33 adam öldürilipdir.

Gyrgyzystanyň resmileri we Merkezi Aziýanyň esasan musulman ilatly beýleki postsowet ýurtlarynyň häkimiýetleri Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde ýüzlerçe raýatynyň söweşýändigini aýdýarlar.

YD topary 2014-nji ýylyň iýun aýynda Yragyň we Siriýanyň giňişlikleriniň uly böleklerini basyp aldy.

XS
SM
MD
LG