Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan: H1N1 wirusyndan 11 adam ýogaldy


Ýerewanyň Erebuni keselhanasy, 12-nji ýanwar, 2016.

Ýerewanyň Erebuni keselhanasy, 12-nji ýanwar, 2016.

Ermenistanda soňky iki aýda H1N1 doňuz dümewinden 11 adam wepat boldy.

Saglyk ministri Armen Muradianyň 15-nji ýanwarda aýtmagyna görä, wirusyň soňky pidasy 61 ýaşly zenan 14-nji ýanwarda aradan çykypdyr.

Şeýle-de Muradianyň mälim etmegine görä, doňuz dümewiniň alamatlaryna eýe bolan 92 näsag häzirki wagtda birnäçe keselhanada bejergi alýarlar, olardan 11 adam agyr ýagdaýda.

Bilim we Ylymlar ministrligi keselçiligiň ýaýramagy bilen baglylykda mekdeplerdäki gyş kanikullarynyň 25-nji ýanwara çenli bir hepde uzaldylýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG