Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe 12 professory tussag etdi


Stambul Uniwersiteti

Stambul Uniwersiteti

Türkiýäniň döwlet gözegçiligindäki täzelikler agentligi polisiýanyň ýuduň günorta gündogarynda kürt gozgalaňçylaryna garşy harby çäreleri ýazgaryjy beýannama bilen çykyş eden 12 professory tussag edendigini habar berdi.

“Anadolu” agentligi 15-nji ýanwarda tussag edilenleriň Stambulyň golaýyndaky Kojaeli uniwersitetiniň mugallymlarydygyny habar berdi.

Olar Türkiýede we onuň daşynda “Biz bu jenaýatçylyga goşulmak islemeýäris” diýip deklarasiýa gol çeken we “regionda kürtleri hem beýleki halklary bilkastlaýyn gyrmagy we sürgün etmegi” bes etmek çagyryşy bilen çykyş eden 1200 professoryň arasyndady.

Prokurorlar gol çekenlere garşy “döwlete dil ýetirmek” we “terrorçy propaganda” boýunça derňewe başladylar.

Türkiýäniň günorta bölekleri Kürdüstanyň Işçi partiýasynyň (PKK) we türk harbylarynyň arasyndaky çaknyşyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ýerde ok atyşygy bes etmek barada ýaraşyk iýul aýynda bes edilipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler regionda onlarça parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG