Sepleriň elýeterliligi

Jakarta: Hüjüme jogapkärler gözlenýär


Ýöriteleşdirilen polisiýa gözegçilige taýýarlanýar, Indoneziýanyň Bali adasy, 15-nji ýanwar, 2016

Ýöriteleşdirilen polisiýa gözegçilige taýýarlanýar, Indoneziýanyň Bali adasy, 15-nji ýanwar, 2016

Indoneziýanyň polisiýasy ýurduň paýtagty Jakartada bomba partlamasyny amala aşyrmakda günäkär diýlip hasaplanýan terror öýjüklerini gözleýändigini aýdýar.

14-nji ýanwarda bolan hüjümiň netijesinde iki adam, ýagny Kanadanyň we Indoneziýanyň raýatlary wepat boldy we bäş ýaragly hüjümçi öldürildi.
“Yslam döwleti” söweşiji topar hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Jakartanyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Tito Karnawian hüjümçileriň “global guramanyň” agzalary bolandygyny aýtdy we hüjümiň dolandyryjysy hökmünde “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde Siriýada söweşýändigi aýdylýan indoneziýaly Bahrum Naimyň adyny agzady.

Howpsuzlyk ministri ýolbaşçysy Luhut Pandjaitan hüjümi gurnamakda güman edilýän üç adamyň 15-nji ýanwarda tussag edilendigi baradaky maglumatlary tassyklady.

XS
SM
MD
LG