Sepleriň elýeterliligi

Ukraina Kryma elektrik toguny bermäge taýýar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Kiýew, 14-nji ýanwar, 2016

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Kiýew, 14-nji ýanwar, 2016

Prezidenti Petro Poroşenko Ukrainanyň Krymyň elektrik üpjünçiligini bir aýa golaý wagtlap dowam eden bidüzgünçiliklerden soň dikeltmäge taýýardygyny, emma munuň üçin Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen ýarymadanyň Ukraina gaýtadan goşulmalydygyny aýtdy.

“Biz Kryma elektrik energiýasyny bermäge taýýar ol Ukrainanyňky. Siz isleseňiz ony alyp bilersiňiz. Bolmasa, biz Ukrainanyň Krym bilen bagly bütewüliginiň dikeldilmegine garaşarys” diýip Poroşenko 14-nji ýanwarda aýtdy.

Orsýet 1-nji ýanwarda möhleti dolan şertnamany dikeltmek üçin Ukrainanyň öňe süren şertlerine boýun bolmakdan ýüz öwürdi.

Krymyň ýaşaýjylary 22-nji noýabrda Ukrainadan barýan esasy elektrik liniýalarynda dörän näsazlyklardan soň elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

XS
SM
MD
LG