Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede 12 alym tussag edildi


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu.
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu.

Türkiýäniň döwlet habar gullugy ýurduň günorta-gündogarynda kürt pitneçilerine garşy alnyp barylýan harby operasiýalary tankytlaýan petisiýa gatnaşanlygy sebäpli polisiýanyň 12 alymy tussag edendigini habar berdi.

"Anadolu" agentliginiň bildirmegine görä, 15-nji ýanwarda tussag edilen 12 alym Stambulyň golaýyndaky "Kojaeli" uniwersitetiniň mugallymlary.

Bular Türkiýäniň özünden hem daşary ýurtlardan bolan 1200-den gowrak alym tarapyndan gol çekilen "Biz bu jenaýata şärik bolmak islemeýäris" atly deklarasiýa gol goýan adamlar. Agzalýan deklarasiýada Ankara "regiondaky kürtleri we beýleki halklary bilgeşleýin gyrmagy we sürgün etmegi" bes etmäge çagyrylýar.

Prokurorlar gol çekenleriň garşysyna "döwlete dil ýetirmek", şeýle hem "terroristik propaganda" alyp barmak aýyplamasy boýunça derňew işlerini başlatdy.

Halkara sanaw

Türkiýäniň günorta-gündogar böleginde separatistik kürt işçi partiýasy "PKK" bilen türk harbylarynyň arasynda, iýul aýynda atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyk bozulaly bäri, gazaply çaknyşyklar barýar.

Adam hukuklaryny goramak boýunça aktiwistler parahat ilatdan onlarça adamynyň ölendigini aýdýarlar.

Bu aralykda, "Yslam döwleti" topary bilen ilteşiklilikde güman edilip, Türkiýede tutulan üç orsýet raýatynyň biri Orsýetde terrorizmde aýyplanyp gözlenilýän adam bolup çykdy.

14-nji ýanwarda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa Aidar Süleýmanowyň "Yslam döwleti" toparynyň işjeňligine gatnaşýanlykda güman edilip, awgust aýynda gözlenýän adamlaryň halkara sanawyna goşulandygyny aýtdy.

Zaharowanyň bildirmegine görä, Süleýmanow 2013-nji ýylyň noýabr aýynda Orsýeti terk edipdir.

500 pozisiýa

13-nji ýanwarda türk mediasy Antalýa şäherinde "Yslam döwleti" topary bilen ilteşiklilikde güman edilip, üç orsýetliniň tutulandygyny habar berdi.

Bu waka "Yslam döwleti" toparynyň agzasy diýlip güman edilýän janyndan geçen bir hüjümçi bomba partladyp, on germaniýalyny öldürip, ýene on bäş adamy ýaralanyndan soňra boldy.

12-nji ýanwarda bolan partlamadan soň Türkiýe öz harbylarynyň Yrakda hem Siriýada "Yslam döwleti" toparynyň pozisiýalaryny top okuna tutandygyny habar berdi.

14-nji ýanwarda Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu türk ýaragly güýçleriniň geçen 48 sagadyň içinde "Yslam döwleti" toparynyň 500 pozisiýasyna zarba urandygyny aýtdy.

Ol hüjümde "Yslam döwleti" toparynyň 200 agzasynyň öldürilendigini aýdyp, zerur bolan halatynda Türkiýäniň howa hüjümlerini hem amala aşyrjakdygyny, ekstremistik toparyň jeňçileri Türkiýe bilen serhetdeş etraplardan çekilýänçä, Ankaranyň öz "berk tutumyny" üýtgetmejekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Türkiýäniň premýer-ministriniň aýtmagyna görä, 12-nji ýanwarda Stambulda bomba partladan Türkiýä Siriýadan gelen bosgun.

Türkiýäniň noýabr aýynda Orsýetiň bir harby uçaryny urup ýykmagy Moskwa bilen diplomtaik dawa sebäp bolaly bäri, türk söweş uçarlary Siriýanyň howa giňişligine girenok.

XS
SM
MD
LG