Sepleriň elýeterliligi

Hukuk meýilnamasyna gol çekildi


Türkmen polisiýasy saklanan raýaty alyp barýar, 2013 ý.

Türkmen polisiýasy saklanan raýaty alyp barýar, 2013 ý.

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy diýip, Türkmen telewideniýesi anna güni habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu meýilnama "adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek" üçin gol çekendigi habar berilýär.

«Türkmenistanyň ministrlikleri, pudak edaralary, ýerli häkimiýet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bu meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi» diýip, resmi habarda aýdylýar.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredowyň 15-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda beren hasabatynda aýdylmagyna görä, bu meýilnamanyň baş maksady ýurt raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi babatdaky işleri «has-da kämilleşdirmekden ybarat» bolup durýar.

Halkara hukuk toparlarynyň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan adam hukuklary we azatlyklary boýunça öz üstüne alan halkara borçlaryny ýerine ýetirmeýän ýurt hökmünde yzygiderli tankyt edilýär.

Hususan-da ýurtda söz, metbugat azatlygynyň, syýasy, ykdysady we medeni azatlyklaryň çäklendirilýändigi, raýatlaryň dine uýmak we uýmazlyk azatlygynyň ýeterlik üpjün edilmeýändigi, şonuň bilen bir wagtda türme, tussag şertlerini görmek üçin garaşsyz halkara ekspertleriniň Türkmenistana goýberilmeýändigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG