Sepleriň elýeterliligi

Pakistan birnäçe metjidi ýapdy


Pakistan häkimiýetleri Jaýiş-e-Mohammed topary tarapyndan dolandyrylýan birnäçe dini mekdebi ýapandyklaryny aýdýarlar.

Şeýle-de olar 15-nji ýanwarda Daska şäheriniň golaýyndaky metjide we medresä reýd geçirenlerinde ondan gowrak adamy tussag edendiklerini aýdýarlar.

Bu ýapylyş şu hepde gadagan edilen Jaýiş-e-Mohammed toparynyň birnäçe agzasynyň, şol sanda topar lideri Maulana Masud Azharyň tussag edilmeginiň uzysüre boldy.

Hindistan 2-nji ýanwarda pakistan serhedine golaý Pathankot howa bazasyna edilen hüjümiň arkasynda şu toparyň durandygyny aýdýar. Şol hüjümde ýedi sany hindi esgeri we alty hüjümçi öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG