Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: protestçilere garşy gaz ulanyldy


Azerbaýjan protestleri
Azerbaýjan protestleri

Howpsuzlyk güýçleri, şu hepde ykdysady şertleriň ýaramazlaşmagy sebäpli turan gozgalaňlaryň çäginde, Azerbaýjanyň Kuba etrabyndaky protestçilere garşy suw toplaryny we göz ýaşardyjy gaz ulandylar.

15-nji ýanwarda Kuba şäheriniň merkezine, esgerler herekete geçmezinden öň, bir müň çemesi adam toplandy diýip, Azatlygyň Azerbaýjan gullugy habar berdi.

Kuba etrabynyň başlygy Ýaşar Mammadow Köne awtobus stansiýasy diýilýän ýerde protestçiler bilen duşuşdy we olaryň problemalaryny çözmek üçin dialoga başlamagy wada berdi.

Emma Azatlygyň wakanyň bolan ýerindäki habarçysy protestçileriň Mammadowyň wadalaryna ynanman, protesti dowam edendiklerini aýtdy. Şondan soň protestçilere garşy suw toplary we göz ýaşardyjy gaz ulanylypdyr.

Demonstrasiýaçylar paýtagt Bakuwa eltýän ýoly hem baglamaga synanyşypdyrlar. Häkimiýetler Kuba uly möçberde howpsuzlyk güýçlerini ýerleşdiripdirler.

XS
SM
MD
LG