Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif sanksiýalar ýatyrylar diýýär


Mohammad Jawed Zarif
Mohammad Jawed Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Jawed Zarif Wenada şu gün Tährana garşy sanksiýalaryň ýatyryljagyny aýtdy.

Ak tam halkara ekspertleriniň Eýranyň, Waşingtonyň Tährana garşy girizilen sanksiýalary togtatmak ähtimallygyndan öň, öz ýadro programmasyny jylawlamak barada baglaşan ylalaşygynyň şertlerini ýerine ýetirýändigini tassyklamagyna garaşýandygyny aýdýar.

"Biz olaryň hiç bir emel, sapalak etmeýändigine göz ýetirmeli» diýip, ak tamyň sözçüsi Joş Ernest 15-nji ýanwardaky brifiňde aýtdy.

Bu sözlerden biraz soň ABŞ-nyň Döwlet departamenti döwlet sekretary Jon Kerriniň 16-nj y ýanwarda Wenada Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini we Eýranyň daşary işler ministri Jawed Zarif bilen ýadro ylalaşygy barada maslahat etjekdigini yglan etdi.

«Reuters» we AFP ady aýdylmaýan diplomatik çeşmeler salgylanyp, BMG-niň Halkara atom energiýasy agentliginiň 16-njy ýanwarda Tähranyň ylalaşyk şertlerini ýerine ýetirişi barada hasabat çap etjege meňzeýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG