Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Günbatary günäledi


Gabalan Madaýa azyk bardy.

Gabalan Madaýa azyk bardy.

Orsýet Günbatary Siriýadaky ynsanperwerçilik krizisini syýasylaşdyrmakda günäledi we bu ýagdaýyň öňdäki parahatçylyk gepleşiklerine zyýan ýetirmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

Orsýetiň ilçisiniň orunbasary Wladimir Safronkow Britaniýanyň, Fransiýanyň we ABŞ-nyň 15-nji ýanwarda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde pitneçileriň elindäki Madaýa şäherindäki adamlaryň açlyk-horlugy barada duşuşyk geçirilmegine çagyrmagyny sorag astyna aldy.

Ol bu şäheriň Siriýanyň hökümet güýçleri tarapyndan gabawa alnandygyny we şäherde pitneçileriň gol astynda çekilýän horlugyň azalýandygyny aýtdy.

Ol muny «goşa standart» atlandyryp, «zerur bolmadyk galmagallaryň hemmesiniň» 25-nji ýanwara bellenen parahatçylyk gepleşiklerine päsgelçilik döredýändigini aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun pitneçiler-de, hökümet goşunlary-da, asuda adamlary açlyga sezewar etmek bilen, uruş jenaýatlaryny amala aşyrýar diýdi.

XS
SM
MD
LG