Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarnaýew gaýtadan sud edilmez


22 ýaşyndaky Sarnaýew ölüme höküm edildi.
22 ýaşyndaky Sarnaýew ölüme höküm edildi.

ABŞ sudy Boston marafonynyň bombaçysy Johar Sarnaýewiň täzeden sud edilmek baradaky talabyny ret etdi we onuň ganly hüjümiň pidalaryna ýitgileriň öwezini dolmak üçin 101 million dollar tölemegini buýurdy.

Sud täze sud seljerişligi baradaky talaby ret etmek bilen, Sarnaýewiň aklawçylarynyň delillerini ozal ret edendigini belledi.

Sarnaýewiň aklawçylary öz müşderileriniň Bostonda adalatly sud edilip bilinmejekdigini, sebäbi bu ýerde hüjümiň media beýanynyň ýygjam bolandygyny hem-de köp adamyň pidalary tanandygyny aýdýarlar.

22 ýaşyndaky Sarnaýew geçen ýyl 2013-nji ýyldaky hüjüm üçin ölüme höküm edildi.

XS
SM
MD
LG