Sepleriň elýeterliligi

"Türkmenhowaýollary" tankytlandy


Türkmen uçary we ýolagçylar

Türkmen uçary we ýolagçylar

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow anna güni «Türkmenhowaýollary» döwlet kompaniýasynyň işiniň hilinden örän nägiledigini aýtdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow bu kompaniýanyň ýolbaşçysy M.Aýazowa özüne ynanylan pudakdaky bölümleriň işine gözegçiligi gowşadandygyny aýtdy we onuň kemçilikleri düzetmek üçin gyssagly çäre görmegini talap etdi.

Şeýle-de prezident wise-premýer S.Satlykowa transport pudagynyň ýolbaşçylarynyň işine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG