Sepleriň elýeterliligi

ÝB Ankarany ýazgarýar


Ýewropa Bileleşigi Türkiýäniň ýurduň günorta-gündogarynda kürt pitneçilerine garşy geçirilýän harby operasiýalary ýazgarýan petisiýa gol çeken türk alymlarynyň tussag etmesini ýazgardy.

«Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky wakalar bilen bagly jarnama sebäpli türk alymlarynyň garşysyna görlen çäreler adatdan daşary aladalandyryjy ýagdaý» diýip, 16-njy ýanwardaky beýanatda aýdylýar.

"Olar indi tussagda däl, emma olara garşy proseduralar dowam etdirilýär.»
Türk mediasy 15-nji ýanwarda 27 alymyň terror propagandasynda aýyplanyp, tussag edilendigini aýtdy.

Olar «Biz bu jenaýata şärik bolmarys» diýen at berlen jarnama gol çekipdirler we Ankarany regiondaky kürtleri we beýlekileri bilkastdan gyrmagyny we deportasiýa etmegini bes etmäge çagyrdylar.

Ol alymlar 15-nji ýanwarda goýberilmezinden bir gün sorag edildi diýip, «Dogan» habarlar gullugy ýazdy.

XS
SM
MD
LG