Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran, ÝB: Ylalaşyk durmuşa geçirilýär


Eýran we Ýewropa Bileleşigi Tähranyň iýulda gelnen ýadro ylalaşygy astynda beren wadalarynda durup, öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirýändigi barada bir pikire geldi.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif we ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini 16-njy ýanwarda Wenada guralan metbugat ýygnagynda bu ylalaşygy yglan etdi.

Iki resminiň bilelikdäki beýanatynda şeýle diýilýär: "Bu gazanylan üstünlik syýasy erk, tutanýerlilik, köp ugurly diplomatiýa arkaly biziň iň bir kyn meseleleri hem çözüp, netijeli durmuşa geçiriljek praktiki çözgütleri tapyp biljekdigimizi görkezýär."

Bu şertnama Birleşen Ştatlar tarapyndan hem goldanyldy, bu ýurduň baş diplomaty Jon Kerri 16-njy ýanwardaky duşuşyklara gatnaşdy, emma ol metbugat ýygnagynda bolmady.

Bu ylalaşygyň yglan edilmegi Eýrana garşy girizilen halkara sanksýailarynyň ýatyrylmagy babatdaky çalasyn prosese hem ýol açýar. ÝB-niň Ýewropa geňeşi beýanat çap edip, özüniň «Eýranyň ýadro programmasyna dahylly ähli ykdysady we maliýe sanksiýalary ýatyrandygyny» aýtdy.

Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hem Birleşen Ştatlaryň amerikan dälleriň Eýranyň Merkezi banky we Eýranyň Milli nebit kompaniýasy bilen transaksiýalaryna garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak hakynda buýruk çap etdi. Ak tamyň resmisi Eýranyň Birleşen Ştatlarda doňdurylan 50 milliard çemesi amerikan dollary möçberindäki emlägine elýeterli boljagyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar 400-den gowrak eýranly fiziki we ýuridiki şahsy hem özüniň sanksiýa sanawyndan aýyrdy diýip, Gazna departamenti yglan etdi. 200 çemesi fiziki we ýuridiki şahs bolsa sanksiýa astynda galýar diýip, habarda aýdylýar.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz twitter sahypasynda «Ajaýyp ýeňiş bilen gutlaýaryn!" diýip ýazdy.

Ortaça eýranlylar sosial ulgamlarda öz şatlyklaryny paýlaşdylar, sanksiýalaryň ýatyrylmagyna we Eýranyň halkara izolýasiýanyň gowşamagyna begençlerini beýan etdiler.

Ysraýyl Eýran bilen baglaşylan şertnama kesgin garşy çykdy. Premýer-ministr Benýamin Netanýahuyň edarasy 16-njy ýanwarda beýanat çap edip, Tähran özüniň ýadro ýaragyny edinmek niýetinden el çekmedi we Ýakyn Gündogarda durnuksyzlaşdyryjy güýç bolup galýar diýdi.

BMG-niň Eýrana garşy ýaraglar embargosy öňküligine galýar, bu gadaganlyk Tähranyň ballistik raketa programmasyna dahylly söwda çäklendirmelerini girizýär.

Halkara Atom energiýasy gullugy 16-njy ýanwarda irden Eýran iýul aýynda dünýäniň alty döwleti bilen Tähranyň arasynda gol çekilen ýadro ylalaşygy astynda öz üstüne alan taýýarlyk borçnamalaryny ýerine ýetirdi diýdi.

HAEG-nyň direktory Ýukiýa Amano «Eýran Bilelikdäki hemmetaraplaýyn hereket planyny durmuşa geçirmäge başlamak üçin zerur brolan taýýarlyk çärelerini tamamlady» diýip, hasabatda aýdýar.

Eýran iýuldaky ylalaşyk astynda alan taýýarlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin uran sentrifugalaryny üçden-iki kemeltmelidi, uran ätiýaçlyklaryny azaltmalydy, Eýrana ýarag plutoniumyny berip biljek Arak reaktorynyň özenini aýyrmalydy. Ylalaşyk baglaşylmazyndan ozal Eýranyň birnäçe bomba ýetjek baýlaşdyrylan urany bardy.

XS
SM
MD
LG