Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bankir Orsýet utuldy diýýär


German Gref
German Gref

Orsýetiň baş banky “Sberbankyň» başlygy Moskwa ykdysady reformalary amala aşyryp bilmedi we «utulan» ýurtlaryň derejesine düşdi diýdi.

German Gref 15-nji ýanwarda Orsýet nebit eksportlaryna aşa garaşlylygy sebäpli «bäsleşikde ýeňildi» diýdi.

"Biz utulan ýurtlaryň arasynda, pese gaýdanlaryň içinde» diýip, ol Moskwadaky ykdysady konferensiýada, Orsýetiň öňdeligi saklamak üçin beýleki tehnologiýalara maýa ýatyrmagy başarmandygyndan zeýrenip aýtdy.

"Daş asyry biziň daşymyzyň gutaranlygy üçin tamamlanmady, ýöne biz uglewodorod asyrynyň eýýäm tamam bolandygyny aýdyp bileris» diýip Gref aýtdy.

Ol Orsýeti ilkinji nobatda netijesiz döwlet dolandyryşyny reforma etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG