Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýwanda Tsai ýeňdi


 Tsai Ing-wen
Tsai Ing-wen

Taýwanda bolan saýlawlarda garaşsyzlyga tarapdar partiýa ýeňendigini aýtdy.

Ses berişligiň tamamlanmagyna golaý galanda, Taýwanyň esasy oppozision partiýasynyň kandidaty Tsai Ing-wen 50 prosentden gowrak ses alyp, dolandyryjy partiýanyň ýeňlişi kabul eden ýolbaşçysy Chu Li-lunden, Hytaý milli partiýasyndan öňe saýlandy.

Tsai ada döwletiniň ilkinji zenan prezidenti bolmaly. Onuň garaşsyzlyga tarapdar pozisiýasy Pekin bilen dartgynlyklara sebäp boljaga meňzeýär.

Sebäbi Pekin Taýwany separatist welaýat hasaplaýar we onuň gaýtadan ele geçirilmegi bilen haýbat atdy.

XS
SM
MD
LG