Sepleriň elýeterliligi

Rubl we griwna: 2015-nji ýylda hümmetini ýitiren walýutalar


Rubl we griwna: 2015-nji ýylda hümmetini ýitiren walýutalar

Rubl we griwna: 2015-nji ýylda hümmetini ýitiren walýutalar

"Economist" žurnalynyň beren maglumatyna görä, Russiýada we Ukrainada McDonalds restoranlarynyň "Big Mak" gamburgeri dollaryň hümmetine laýyklykda ABŞ-dakydan üç esse arzandyr.

2015-nji ýylyň görkezijilerine görä, ors puly rubl dünýäde hümmeti juda pese gaçan walýutalaryň biridir. "Economist" žurnalynyň adaty "Big Mak görkezijisine" görä bolsa iň ahyrky ornuň öň ýanynda durýär. Ukrain puly griwna bolsa hümmeti iň pes walýutalaryň arasynda iň ahyrky orundan üç öý öňde ýerleşýär. Sanawyň iň ahyrynda bolsa Wenesuelanyň milli walýutasy bolan boliwar durýar. Görkezijini taýýarlaýanlar Wenesuelanyň milli pulunyň hümmetiniň pese gaçyş derejesini hatda soňuna çenli hasaplabam bilmändirler.

"Economist" žurnalynyň "Big Mak görkezijisi" 1986-njy ýyldan bäri çap edilip gelinýär. Görkezijide dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän McDonalds restoranlarynda hödürlenýän "Big Mak" gamburgeriniň bahasy ABŞ-daky bahasy bilen deňeşdirilýär. Görkezijä görä, eger bir ýurtda "Big Mak" gamburgeriniň bahasy ABŞ-dakydan arzan bolsa, diýmek ol ýurduň milli walýutasy kyn ýagdaýy başdan geçirýändir we onuň hümmetiniň hasam pese gaçmagy ahmaldyr. Eger "Big Mak" şol ýurtda Amerikadakydan gymmat bolsa, onda ol ýurduň milli walýutasynyň hümmeti ýokarydyr we ol iýmitiň bahasynyň arzanlamagy ahmaldyr. Sebäbi. dünýäniň ykdysadyýeti ýyl geldikçe has globallaşýar.

"Big Mak" gamburgeriniň bahasy

Owalky döwürde bu görkeziji o diýen çynlakaý hasaplanmaýar ekeni. Ýöne wagtyň geçmegi bilen bu tilsim, walýutalaryň hümmetiniň ýagdaýyny we infilýasiýa görkezijilerini anyklaýan resmi statistika görkezijilerden has anyk maglumat almaga mümkinçilik döredipdir. Şeýle-de bu görkeziji şol bir wagtyň özünde daşary ýurtly turistler üçin gezelenç etjek ýurdy barasynda diýseň amatly maglumat bolup hyzmat edýär.

Russiýa, "Big Mak görkezijisine" 1990-njy ýylda ol ýurtda ilkinji McDonalds restoranynyň açylmagy bilen goşuldy. Şol ýyl Russiýada bir "Big Mak" gamburgeriniň bahasy 6,18 dollar, ABŞ-da bolsa 2.1 dollar ekeni.

Häzir ABŞ-da bir "Big Mak" gamburgeriniň bahasy 4,93 dollar, Orsýetde bolsa bu görkeziji 2000-nji we 2005-nji ýyllar arasynda 1,5 dollary ekeni. 2005-nji ýylyň ahyryndan başlap nebitiň bahasynyň gymmatlamagy ors puly rubluň hümmetini ýokarlandyrdy we "Big Mak" gamburgeriniň bahasy 2 dollara barabar boldy. Soň ýene onuň bahasy biraz gymmatlap, ol 2014-nji ýylyň ortalaryna çenli 2,5 dollar derejesinde saklandy.

2014-nji ýylyň ortasyndan başlap nebitiň bahasy çalt depginde pese gaçyp başlady we munuň netijesinde Orsýetiň "Big Mak görkezijisi" hem gaty pese gaçdy. Soňky ýarym ýylda Big Mak gamburgeriniň bahasy 1.4 dollar, ýagny 114 rubla deň. Şeýlelikde hünärmenleriň hasaplamagyna görä, ors rubly 2016-njy ýylyň öňüsyrasynda dollara garada öz hümmetini takmynan ýüzden 70 göterim ýitirdi. Bu bolsa soňky 15 ýylyň iň pes derejesidir.

"Big Mak" gamburgeriniň gymmat satylýan ýurtlary

"Economist" žurnalynyň hasaplamagyna görä, 2000-nji ýyllarda beýleki döwürlere garanyňda rubluň dollara görä hümmetiniň ýüzden 30 we 50 göterim derejä çenli peselen wagtlary hem bolupdyr.

Ukrainada bolsa 2016-njy ýylyň öňüsyrasynda Big Mak 1,54 dollar (36 griwna) boldy. Bu hem griwnanyň soňky ýarym ýylyň dowamynda hümmetini ýitirýändigi bilen baglanyşykly.

Orsýet bilen Ukrainadaky iň soňky "Big Mak görkezijisi" Hindistan, Taýwan, Müsür, Günorta Afrika, Malaýziýa, Wetnam we Hytaý ýaly ýurtlardan has aşakdadyr. Has "gymmat" ýurtlara garalanda bolsa Çehiýada we Wengriýada "Big Mak" gamburgeriniň bahasy 3 dollara golaýdyr. Braziliýada we Türkiýede 3,4 dollar, Ýewropa Bileleşiginde 4 dollar, Beýik Britaniýada 4,2 dollara barabardyr.

2016-nji ýyl barada gürrüň edilende, "Big Mak" gamburgeriniň ABŞ-dan has gymmat satylýan üç ýurdy bar, olar Norwegiýa, Şwesiýa we Şweýsariýa. Norwegiýa bilen Şwesiýanyň milli walýutalarynyň hümmeti ABŞ-nyň dollaryna garanda ýüzden 6 göterim ýokary. Şweýsariýanyň milli walýutasy frank bolsa, dollar bilen deňeşdirilende, ýüzden 30 göterim hümmetli.

"Big Mak görkezijisine" görä, 2016-njy ýyla çenli ýewro dollara garanda öz ýüzden 19 göterim hümmetini ýitiripdir.

XS
SM
MD
LG