Sepleriň elýeterliligi

Gazak teňňesi ýene hümmetini ýitirdi


Gazagystanyň milli puly teňňe (ç) we amerikan dollary (s)

Gazagystanyň milli puly teňňe (ç) we amerikan dollary (s)

Gazagystanyň milli puly teňňe amerikan dollary babatynda öz hümmetini ýitirmekde täze bir derejä ýetdi. Merkezi Aziýanyň iň uly ykdysadyýeti dünýäde nebitiň bahasynyň pese gaçmagynyň we Orsýetdäki ykdysady krizisiň täsirine garşy göreşmegini dowam etdirýär.

18-nji ýanwarda Gazagystanyň maliýe bazarynda bir amerikan dollary 372.58 teňňä durdy.

Bu görkeziji Gazagystanyň milli puluň hümmetini saklamakdan el çekip, 2015-nji ýylyň awgust aýynda ony erkinligini yglan etmeginden bäri iň pes derejedir.

18-nji ýanwarda tutuş ýurt boýunça pul çalyşyk nokatlarynda bir amerikan dollary 374 we 375 teňňä satylýar.

2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri gazak teňňesi öz hümmetiniň 80% ýitirdi.

XS
SM
MD
LG