Sepleriň elýeterliligi

Ermeni sudýalary orsýet harbysynyň işine garaýar


Waleriý Permýakowyň sud diňlenişigi, Gýumri, 18-nji dekabr, 2015

Waleriý Permýakowyň sud diňlenişigi, Gýumri, 18-nji dekabr, 2015

Ermenistanyň demirgazyk-günbatar Gýumri şäherinde ermeni maşgalasyny öldürmekde aýyplanan orsýetli esgeriň sudy dowam etdirildi.

19 ýaşly Waleriý Permýakowyň işine Orsýetiň Gýumridäki harby bazasynda ermeni sudýalar tarapyndan 18-nji ýanwarda seredilýär.

Başga sud diňlenişigi 18-nji dekabra bellenipdi, emma kanunçylygyň şertleri sebäpli yza tesdirilipdi.

2015-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gýumriniň ýaşaýjylary Awatisýan maşgalasynyň alty agzasy, şol sanda 2 ýaşly çaga öz öýünde öldürildi.

Alty aýlyk çaga agyr ýaralanyp, bir hepdeden soň ýogalypdy.

Orsýetiň bazasyndan gaçyp çykan Permýakow olaryň öldürilmegini öz boýnuna alypdy.

Maşgalanyň öldürilmegi Gýumride we Ýerewanda Orsýetiň harbylarynyň ýurtda bolmagyna garşy çykyşlary döredipdi. Protestçiler bu işe ermeni sudýalarynyň seretmegini talap edipdi.

2015-nji ýylyň awgust aýynda Orsýetiň sudy Permýakowy orsýet bazasyny terk etmekde aýyplap, 10 ýyl tüme tussaglygyna höküme etdi.

XS
SM
MD
LG