Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran täze sanksiýalary ýazgardy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini (ç) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (s)
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini (ç) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (s)

Eýran ballistik raketa programmasy bilen baglylykda ABŞ-nyň girizen täze sanksiýalaryny ýazgaryp çykyş etdi.

Tähran ABŞ-nyň sanksiýalarynyň “kanun we ahlak taýdan hiç hili hakynyň ýokdugyny” sebäbi onuň özüniň Ýakyn Gündogar ýurtlaryna ýarag satýandygyny 18-nji ýanwarda aýtdy.

Waşingtonyň we Ýewropa Bileleşiginiň Eýran bilen geçen ýylda baglaşylan ylalaşygyň esasynda Tährana garşy ykdysady sanksiýalary aradan aýyran günüň ertesi 17-nji ýanwarda ABŞ Eýranyň ýadro programmasyna gatnaşygy bolan eýranly şirketlere we şahsyýetlere garşy täze sanksiýalary girizdi.

Bu sanksiýalar Eýranyň oktýabr we noýabr aýlarynda amala aşyran ballistik raketalaryň synaglaryna jogap boldy.

BMG-niň bilermenleri bu synaglaryň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýranyň ýadro ýaraglary götermäge ukyply ýaraglary synamagyny gadagan edýän kararyny bozandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG