Sepleriň elýeterliligi

Nebitiň bahasy 28 dollara düşdi


Nebitiň bahasy we dünýä bazarlary

Nebitiň bahasy we dünýä bazarlary

Çig nebitiň “Brent” görnüşiniň bahasy 18-nji ýanwarda 2003-nji ýyldan bäri iň pes derejesine düşüp her barrel 28 dollara durdy.

Eýrana garşy sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň global derejede nebitiň köpelmegine getirmegi baradaky howatyrlanmalar hem güýçlendi.

Tähran çig nebitiň eksportyny günde 500 müň barrele çenli artdyrmak planyny yglan edýärkä, nebitiň möçberiniň artmagy şu ýylyň başyndan bäri bahalaryň 25% peselmegine sebäp bolupdy.

Dynç günlerinde BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Eýranyň iýul aýynda gelnen ylalaşygy berjaý edendigini yglan etmeginiň yzýany, ABŞ we ÝB Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly ykdysady sanksiýalaryny ýatyrdylar.

XS
SM
MD
LG