Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: ABŞ-nyň täze sanksiýalaryny ýazgardy


Eýranyň oktýabr we noýabr aýlarynda ballistik raketa boýunça geçiren synaglary.
Eýranyň oktýabr we noýabr aýlarynda ballistik raketa boýunça geçiren synaglary.

Tähran Bireleşen Ştatlaryň Eýranyň ballistik raketa programmasy sebäpli girizen täze sanksiýalaryny "kanuny we ahlak legitimligi ýok", sebäbi Waşington Orta Gündogaryň beýleki ýurtlaryna ýarag satýar diýip, tankytlaýar.

Eýran bilen gelnen ýadro ylalaşygynyň çäginde Waşington bilen Ýewropa Bileleşigi ykdysady sanksiýalary ýatyranlaryndan bir gün soň, Birleşen Ştatlar 17-nji ýanwarda Eýranyň raketa programmasy bilen baglanyşykly kompaniýalaryň we şahsyýetleri garşysyna täze sanksiýalary girizendigini yglan etdi.

Birleşen Ştatlaryň Maliýet ministrligi bir beýannamada sanksiýalaryň bäş eýran raýatynyň, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleri bilen Hytaýda ýerleşýän birnäçe kompaniýanyň garşysyna gönükdirilendigini bildirdi.

Täze sanksiýalar we "özüne laýyk jogaplar"

Täze sanksiýalara sebäp bolan zat - Eýranyň oktýabr we noýabr aýlarynda ballistik raketa boýunça geçiren synaglary. Birleşen Milletler Guramasynyň ekspertleriniň kesgitlemegine görä, geçirilen synaglar bu guramanyň Howpsuzlyk geňeşiniň 2010-njy ýylda çykaran bir rezolýusiýasyna ters gelýär. Bu rezolýusiýada Eýrana ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply raketalary öndürmek gadagan edildi.

Amerikanyň maliýe sekretarynyň terrorizm we maliýe aňtawy boýunça ýerine ýetiriji orunbasary Adam Szubin: "Eýranyň ballistik raketa programmasy regional we global howpsuzlyga güýçli wehim bolup durýar. Ol halkara sanksiýalaryna sezewar ediler" diýdi.

Eýranyň prezidenti Hasan Rohani Amerika tarapyndan sanksiýa girizilendigi yglan edilmezliginiň öňüsyra: täze sanksiýalar, haýsy-da bolsa, "özüne laýyk jogaplar bilen garşylanar" diýdi.

Şol gün ir bilen Rohani halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny taryplap, dünýäniň güýçli döwletleri bilen gelnen ýadro ylalaşygy dünýä bilen iş salyşmakda Tährana "täze penjire" açar diýdi.

“Öwrülişik nokady”

Rohani 17-nji ýanwarda parlamentde: ylalaşyk Eýranyň ykdysadyýeti üçin bir "öwrülişik nokady", energiýa baý ýurt indi nebitden gelýän girdejä köp garaşly bolmaz diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerrynyň 17-nji ýanwarda bildirmegine görä, Waşington bilen Tähran Eýranyň 1979-njy ýylda bolan yslam rewolýusiýasyndan öňki döwre degişli 400 million dollar puly baradaky jedelli meseläni hem birýüzli edipdirler.

Birleşen Ştatlar bu 400 million dollary 1.3 milliard dollar göterimi bilen Eýrana gaýdyp bererler.

Bu pul Eýranyň ozal Birleşen Ştatlardan harby enjamlary satyn almak üçin ulanan ynam fondunyň bir bölegi. Ol Eýranyň daşary ýurtlarda doňdurylan onlarça milliard dollara deň puluna degişli däl.

16-njy ýanwarda Halkara atom energiýasy gullugy Eýranyň iýul aýynda dünýäniň alty güýçli döwleti bilen bolan ylalaşykda beren wadalaryny ýerine ýetirendigini tassyklady. Şeýdip, ýadro meseli bilen baglanyşykly sanksiýalaryň ýatyrylmagyna ýol açyldy.

Waşington gelnen ýadro ylalaşygy Eýranyň raketa synagyny öz içine alanok diýýär.

XS
SM
MD
LG