Sepleriň elýeterliligi

Ýagşylyk etmegi başarýan adamlar hemişe şähdaçyk, bagtly we salykatly bolýarlar. Ýöne ýagşy niýet käwagt şübhä hem sebäp bolup bilýär. Psihologlar munuň sebäbini agtarypdyrlar.

Lankaşir (Lancashire) uniwersitetinde işleýän psiholog Mann bir adamdan ýagşylyk gören biriniň hem başga birine ýagşylyk etmek islemeginiň aňyrsynda ýatýan sebäbiň üstünde ylmy iş alyp barypdyr. Onuň bellemegine görä: "Bu aslynda edil zynjyr ýa-da domino ýaly täsir döredýän bir baglanyşyk".

BBC-niň ýazmagyna görä, şeýle pikirler taryh boýunça dowam edip gelýär.

"Meselem, barly neapollylar gadym eýýämda özi üçin kofe satyn alan mahaly, şeýle mümkinçiligi bolmadyk başga biri üçin hem kofe alýan ekeni".

Amerikanyň düýbüni tutanlardan Benjamin Franklin hem şeýle pikiri goldaýanlaryň biri ekeni. Ol bir adama nesýe pul beren mahaly, soň onyň yzyna gaýtarylmazlygyny isläpdir. Nesýe puly alan adama iberen gysgaça hatynda, bir gün onuň hem kyn ýagdaýa düşen başga bir adama duş gelen mahaly oňa nesýe pul berende, şol ýagşylygyň öweziniň doljagyny aýdypdyr.

Ýagşylyk edýänler hemişe şähdaçykdyr

Muňa ýakyn taryhda Angliýada otluda bir mobil telefon tapan 12 ýaşyndaky bir ýetginjegiň başdangeçirmesi hem gowy mysaldyr. Telefonyň eýesi ony tapan ýetginjege minnetdarlyk üçin pul sowgat bermek isläpdir. Ýöne ol ýetginjek telefonuň eýesine şeýle haýyş bilen ýüzlenipdir: "Maňa pul bermegiňiziň geregi ýok. Munuň öwezine, bir gün ýeri gelende, siz hem başga birine ýagşylyk edip bilersiňiz".

Garward uniwersitetiniň işgäri Michael Norton öz geçiren ylmy barlaglaryndan soň şeýle netijä gelipdir: "Başga adamlar üçin öz baýlygyndan ummasyz bölegi haýyr-sahawata berýän bir adam, bütin baýlygyny diňe özüne gönükdirýän adamdan has bagtlydyr".

Norton, 130 sany ýurtdan bolan tapawutly mysallaryň üstünde işläp, şeýle netijä gelipdir. Onuň aýtmagyna görä: "Isle barly bolsun, isle garyp, tapawudy ýok, elde baryny ýagşylyga hem haýyr-sahawada berýänleriň has bagtlydygyny gördüm. Munuň dürli sebäpleri hem bolup biler. Başga birine ýagşylyk etmek sosial gatnaşyklary ysnyşdyryp, kämilleşdirişi ýaly adamynyň durmuş baradaky düşünjesinde aňyny hem durlamaga esas döredýär".

Nortonyň nygtamagyna görä, tagamly we süýji tagamlara ymtylyş ýaly, başga adama ýagşylyk etmek hem adamynyň zannyna, ýagny tebigatyna bagly bolýar.

Ýagşylyk edilende, muňa şübheli garamak

Mann bolsa, ýagşylyk edilen mahaly oňa şübheli garaýanlaryň hem köp bolýandygyny belleýär. Adamlar derrew başga bir adamynyň özüne şeýle ýagşylygy näme üçin edendigi babatda oýlanýarlar. Eýse, bir adam näme üçin başga birine ýagşylyk etsin?

Mann 13 günläp dürli ýagdaýdaky adamlara ýagşylyk hökmünde o diýen ummasyz gymmat bolmadyk kömekleri edipdir. Käbir adamlara kofe hödürläpdir. Nobata duran bir adama öz nobatyny beripdir. Ýagyş ýagyp durka başga birine öz ýapynjasyny beripdir.

Ýöne onuň eden şeýle ýagşylygyna şübheli garanlar hem bolupdyr. Mannyň bellemegine görä, häzirki wagtda adamlar diňe özüni pikir edýärler. Onuň pikiriçe, geçen asyryň 70-nji ýyllarynda bolsa ýagdaý beýle däl ekeni. Ol: "Bu ýagdaý bizi gaty ynjalyksyzlandyrýar. Häzirki döwürde duşmançylyk, göriplik, şübhe, egoizm has köpelipdir. Adamlar diňe özünden başgany gaýgy edenoklar" diýýär.

Domino täsiri

Käbir adamlaryň pikiriçe, ýagşylyk aňsatlyk bilen öz-özünden ýaýbaňlanmaýar.

Mannyň bellemegine görä, ýagşylyk etmek üçin uly bir tutumyň geregi ýok. Ýagşylyk etmek isleýän bolsaňyz, güler ýüzli görünseňiz, adamlara mylaýym söz aýtsaňyz hem, başlangyç üçin ýeterlik. Şeýlelikde bu duýgy senden beýleki adamlara hem ýokuşyp, ýagşylyk duýgularynyň täsirlenmek halkasy döräp biler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG