Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümde 11 adam wepat boldy


Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri bombaly hüjümiň bolan ýerinde barlag geçirýärler, Peşawar, 19-njy ýanwar, 2016

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri bombaly hüjümiň bolan ýerinde barlag geçirýärler, Peşawar, 19-njy ýanwar, 2016

Pakistanyň häkimiýetleri ýurduň demirgazyk-günbatarynda polisiýanyň barlag nokadynda bolan bomba partlamasy zerarly azyndan 11 adamyň wepat bolandygyny we 17 adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

19-njy ýanwarda bolan bombaly hüjüm Peşawardan Khyber welaýatyna we Owganystana tarap barýan ýolda ýüze çykdy. Şeýle-de hüjümiň bolan ýeri Pakistanyň harbylarynyň “Talybana” garşy söweşýän etraplarynyň golaýynda ýerleşýär.

Peşawaryň polisiýa resmisiniň aýtmagyna görä, hüjümiň netijesinde azyndan bäş polisiýa wekili we raýatlar, şol bir çaga wepat bolupdyr.

Ýerli hökümet resmisi Munir Han hüjümçiniň sürüp barýan motoryny ýoluň gyrasyndaky polisiýa nokadyna urandygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG