Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Uzak Gündogarda wulkan janlandy


Kamçatkanyň Plosky Tolbaçik wulkany, Orsýet, 2012

Kamçatkanyň Plosky Tolbaçik wulkany, Orsýet, 2012

Orsýetiň Uzak Gündogarynda 19-njy ýanwarda janlanan wulkan deňziň derejesinden sekiz kilometr beýiklikde tüsse döretdi we ýerli howa gatnawyny hatar astynda goýdy.

Kamçatkada wulkanlary öwreniş we seýsmologiýa instituty Županowskiý wulkanynyň hereketlenmeginiň netijesinde dörän tüssäniň gündogara Ýuwaş okean tarapyna barýandygyny aýtdy.

Şeýle-de institut uçarlaryň wulkanyň golaýynda uçmakdan saklanmagyna duýduruş berdi.

Wulkana iň golaý şäher 70 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG