Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku manady goldamaga çalyşýar


Azerbaýjanyň parlamenti
Azerbaýjanyň parlamenti

19-njy ýanwarda Azerbaýjanyň parlamenti ýurduň gowşap barýan milli puluny goldamak maksatly çäreleri kabul etdi. Azerbaýjanyň milli manady soňky aýyň dowamynda amerikan dollary babatynda öz hümmetiniň üçden bir bölegini ýitirdi.

Çäreler daşary ýurt walýutasynyň ýurduň daşyna çykarylmagynyň çäklendirilmegini hem öz içine alýar.

Şeýle-de Baku daşary ýurt walýutasyndaky eksporta, şol sanda daşary ýurtlarda maýa ýatyrmak, emläk ýa gymmatly kagyzlary satyn almak boýunça çärelere 20% salgyt girizmegi teklip edýär.

Azerbaýjan soňky wagtda nebitiň global derejede arzanlamagynyň netijesinde öz milli puluny hümmetiniň pese gaçmagyndan saklamak üçin daşary ýurt walýutasyndaky maliýe fondunyň ýarysyndan gowragyny sarp etdi.

Nebit we gaz Azerbaýjanyň girdejileriniň 75% emele getirýär.

XS
SM
MD
LG