Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamabatda 'Talyban' bilen gepleşik geçiriler


Dört ýurduň resmileri Owganystanda “Talyban” guramasy bilen parahatçylyk ugrunda gepleşik geçirmek üçin ýol kartasyny düzmäge synanyşýarlar.

Gepleşikleriň üçünji tapgyrynyň 6-njy fewralda Yslamabatda geçiriljekdigi aýdylýar.

Owganystanyň, Pakistanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň diplomatlarynyň duşuşygy barada 18-njy ýanwarda Kabulda gepleşikleriň jemlenmeginiň yzýany mälim edildi.

Şol duşuşykda “Talyban” toparlary bilen parahatçylykly gepleşiklere başlamak dogrusynda öňegidişligiň gazanylandygy barada aýdylmagyndan soň bilelikdäki beýannama ýaýradyldy.

Owganystanyň daşary işler ministri Salahuddin Rabbani “Talybanyň” ähli toparlaryny owgan hökümeti bilen gepleşiklere çagyrdy, bolmasa, olaryň geljekde çetde galyp biljekdigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG