Sepleriň elýeterliligi

Hamenei ABŞ pessimizm bildirdi


Eýranyň baş lideri Aýatollah Ali Hamenei Tähranyň resmilerini hüşgärlige çagyryp, dünýä liderleriniň durmuşa geçirilip başlanan ylalaşyk bilen bagly beren wadalaryny berjaý etmegini kepil geçmäge ündedi.

Eýrana garşy halkara sanksiýalary dynç günlerinde ýatyrylaly bäri ilkinji gezek eden çykyşynda Aýatolla Hamenei “ABŞ-nyň käbir syýasatçylarynyň soňky günlerde eden çykyşlaryna” pessimistik garaýandygyny mälim etdi.

Eýrana garşy halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň yzýany 17-nji ýanwarda ABŞ Eýranyň ballistik programmasyna gatnaşygy bolan şirketlere we şahsyýetlere garşy täze sanksiýalaryny girizdi.

Sanksiýalar Eýranyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçiren ballistik raketalarynyň synagaryna jogap boldy. Tähran ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň kanuny güýjüniň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG