Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors esgeriniň sud prosesi ermeni suduna geçirilmedi


Waleriý Permýakow.
Waleriý Permýakow.

Ermeni sudýasy ýedi baş ermeni maşgalasyny gyran ors esgeriniň sud prosesiniň Orsýetiň harby bazasyndan ermeni suduna geçirilmegini ret etdi.

Sudýa Hartýun Mowsisian öz bu kararyny Waleriý Permýakowyň sud prosesiniň täzeden dowam etdirilen güni, 18-nji ýanwarda bildirdi. Sud prosesi Orsýetiň 102-nji harby bazasynyň ýerleşýän şäheri Gýumride barýar.

2015-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Awetisianlaryň maşgalasynyň alty agzasy, şol sanda iki ýaşly bir gyzjagaz-da, öz Gýumridäki öýlerinde öli tapyldylar. Bularyň käbiri atylyp, käbiri hem pyçaklanyp öldürilipdir. Hüjümde pyçaklanan alty aýlyk oglan bäbejik hem bir hepde soňra keselhanada aradan çykdy.

Hadysanyň bolan wagty 18 ýaşly Permýakow, harby bazadan gaçanyndan soň, Ermeni-Türkiýe serhediniň golaýynda tutuldy.

Sudýa haýyşy ret etdi

Ermeni maşgalasynyň gyrylmagy Gýumride we Ýerewanda dürli, wagtal-wagtal hem gazaply protestlere getirdi.

Bu demonstrasiýalara gatnaşanlar ors harbylarynyň Ermenistanda bolmagynyň garşysyna protest bildirip, Permýakowyň işine ors harby sudýalary tarapyndan däl-de, eýse ermeni sudunda garalmagyny talap etdiler.

Awgust aýynda Orsýetiň harby sudy Permýakowy gullukdan gaçanlykda günäli tapyp, ony on ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Esger gullukdan gaçmakda, ýarag we ok-däri ogurlamakda, şeýle hem bikanun ýarag götermekde günäli tapyldy.

Ýöne prosesde ganhorluk agzalman, bu iş ermeni häkimiýetleriniň özüne tabşyryldy.

Pida çekenleriň adwokatlary sudýa Mowsisiandan sud ýeriniň üýtgedilip, prosesiň adaty ermeni sudunda geçirilmegini soradylar. Ýöne sudýa olaryň bu haýyşyny ret etdi.

Mowsisian adwokatlaryň bu prosesi 22-nji ýanwara çenli yza süýşürmek baradaky haýyşyny-da ret etdi.

Orsýetiň bazasy

Adwokatlar Mowsisiany daşardan edilýän täsir astyndaky kazy diýip aýyplaýarlar.

Suduň bellän bir adwokaty tarapyndan goralýan Permýakowa prosesiň ors bazasyndan daşarda geçmegi bilen ylalaşyp-ylalaşmaýanlygy hakda iki gezek göni sorag berildi. Ol, birinji gezek soralanda, haýsy ýerde sud edilse-de, özüne tapawudynyň ýokdugyny, ikinji gezek soralanda bolsa, özüni ors bazasynda has howpsuz duýýandygyny aýtdy.

Ermeni we ors mediasynda berilýän habarlara görä, Permýakow harby resmilere özüniň mundan artyk goşunda bolmaga çydamaýandygyny, Orsýete dolanmak isleýändigini, Awetisianyň öýüne hem pul ogurlamak niýeti bilen barandygyny aýdypdyr.

Öten hepde Gýumride Awetisianlaryň maşgalasynyň hatyra güni bellenip, ýüzlerçe adam olaryň mazarynyň başyna üýşüşdiler. Şeýle hem 12-nji ýanwarda şäheriň merkezi ybadathanasynda merhumlar üçin ýörite doga edildi.

Orsýet Ýerewanyň 120 kilometr çemesi demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän 102-nji harby bazasynda üç müň töweregi esger saklaýar.

Geçen ýyllarda ors esgerleriniň ol ýerde bolmagy bilen baglanyşykly birnäçe gazaply hadysalaryň bolandygy habar berildi.

Özlerine Türkiýe we Azerbaýjan tarapdan howp abanýar diýip hasaplaýan ermenileriň köpüsi, bolýan hadysalara garamazdan, ors esgerleriniň ýurtda bolmagyny Ermenistanyň howpsuzlygy üçin örän möhüm hasaplaýarlar.

XS
SM
MD
LG