Sepleriň elýeterliligi

Bişkek Orsýet bilen ylalaşygy ýatyrmakçy


Gyrgyzystanyň parlamenti, oktýabr, 2015

Gyrgyzystanyň parlamenti, oktýabr, 2015

Gyrgyzystanyň parlamenti Orsýet bilen iki sany suw elektrostansiýasyny gurmak we dolandyrmak barada ylalaşygy bes etmek boýunça ses berişlik geçirdi.

Ykdysady ministriniň orunbasary Nurlan Sadykow ses berişlikden soň kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda täze maýa goýujy tapylan badyna Bişkegiň orsýetli şirketleriň proýekte eýýäm ýatyran 37 million dollaryny gaýdyp berjekdigini aýtdy.

Sadykow ylalaşyklaryň “Orsýetden maliýe üpjünçiligiň ýetmezçiligi” sebäpli ýatyrylýandygyny belledi.

Geçen aýda Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaew nebitiň bahasynyň pese gaçmagynyň we ykdysady sanksiýalaryň netijesinde Orsýetiň ykdysady kuwwatynyň pese gaçmagynyň Gyrgyzystany 3.2 milliard dollarlyk proýektler üçin täze partnýor gözlemäge mejbur edýändigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG