Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, Özbegistan gepleşik geçirdiler


Özbegistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýasy 19-njy ýanwarda Waşingtonda ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşdy. Gepleşiklerde adam hukuklaryny we howpsuzlygy öz içine alýan meseleler maslahat edildi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Nişa Desai Biswal ABŞ-nyň we Özbegistanyň ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalarynyň altynjy maslahatyna gatnaşmak üçin baran daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky özbek delegasiýasyny garşy aldy.

Döwlet departamentiniň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, taraplar “syýasy ýagdaý, regional howpsuzlygy we durnuklylygy, adam hukuklary we zähmet, bilim we medeni gatnaşyklar, ykdysady ösüş we söwda ýaly özara bähbitli meseleleri” ara alyp maslahat edipdirler.

Özbegistanyň awtoritar prezidenti Yslam Karimow sowet döwründen bäri ýurda ýolbaşçylyk edýär we başga pikirlilige çydamsyzlyk görkezýär.

XS
SM
MD
LG