Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümde 21 adam wepat boldy


Halas edijiler Baça Han uniwersitetine edilen hüjümde ýaralananlara kömek berýärler, 20-nji ýanwar, 2016.

Halas edijiler Baça Han uniwersitetine edilen hüjümde ýaralananlara kömek berýärler, 20-nji ýanwar, 2016.

Pakistanyň polisiýasy 20-nji ýanwarda “Talyban” toparynyň Khyber Pakhtunkhwa welaýatynda uniwersitete eden hüjüminiň pidalarynyň sanynyň azyndan 21 adama ýetendigini, şol sanda studentleriň we okuw jaýynyň işgärleriniň bardygyny habar berdi.

Regional polisiýasynyň ýolbaşçysy Saeed Wazir pida bolan studentleriň köpüsiniň uniwersitetiň ýaşaýyş jaýynda atylyp öldürilendigini aýtdy. Baça Han uniwersitetiniň ýaşaýyş jaýlary Çarsadda şäherinde welaýatyň paýtagty Peşawardan 17 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Wazir wepat bolanlaryň sanyna Pakistanyň harbylary tarapyndan öldürilendigi aýdylýan hüjümçileriň girip-girmeýändigini takyklaşdyrmady.

20-nji ýanwarda irden hüjümçiler uniwersitetiň studentlerini we mugallymlaryny oka tutmagynyň dowamynda iki sany güýçli partlamanyň sesiniň hem eşidilendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG