Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dawosda Ykdysady forum geçirilýär


Dünýäniň ykdysady forumynyň belgisi, Dawos, Şweýsariýa, 18-nji ýanwar, 2016.
Dünýäniň ykdysady forumynyň belgisi, Dawos, Şweýsariýa, 18-nji ýanwar, 2016.

Halkara biznes we syýasy liderleri Dünýäniň ykdysady forumyny geçirmek üçin 20-nji ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos şäherine jemlendiler.

Forumda dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan iň uly meseleleri, şol sanda migrant krizisiniň Ýewropa Bileleşiginiň geljegine ýetirip biljek täsiri, ekstremist söweşijilere garşy göreş, global maýlaýyş we nebitiň bahasynyň peselmeginiň hem Hytaýyň ösüşiniň haýallamagynyň ykdysadyýete ýetirýän täsiri bilen bagly meseleler maslahat ediler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirmek üçin 20-nji ýanwarda irden Zurihe bardy. Kerriniň gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konflikti çözmek meselesinde öňegidişlik gazanmak üçin itergi berjegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG