Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Yrakda 35000 adam YD-nyň gulçulygynda


“Yslam döwleti” ekstremist topary Yrakda 3500 müň çemesi adamy, şol sanda aýallary we çagalary gulçulyga aldy, diýlip BMG-niň hasabatynda aýdylýar.

19-njy ýanwarda çap bolan hasabatda bellenişine görä, ekstremist topar “uruş jenaýatçylygy, adamzada garşy jenaýatçylyk we belki genosid hökmünde kesgitläp boljak” hereketlere jogapkär.

“YD aýallary we çagalary jynsy zorluga, hususan-da seksual gulçulyga çekmegini dowam etdirýär” diýlip BMG-niň hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň we olar bilen ýaran toparlaryň, şol sanda kürtleriň Peşmerga güýçleriniň-de raýatlary öldürmek we ogurlamak hereketlerine baş goşandygy habar berilýär.

Hasabata görä, Yrakdaky zorluklar zerarly 2014-nji ýylyň ýanwar we 2015-nji ýylyň oktýabr aýlarynyň aralygynda 18802 parahat ýaşaýjy wepat bolupdyr we 36245 adam ýaralanypdyr.

XS
SM
MD
LG