Sepleriň elýeterliligi

Litwinenkonyň ölümi Kremli gyzyklandyrmaýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow Britaniýada FSB-niň öňki ofiseri Aleksandr Litwinenkonyň öldürilmegi boýunça derňewleriň netijeleriniň Kremli “gyzyklandyrýan meseleleriň arasynda däldigini” 20-nji ýanwarda aýtdy.

Dmitriý Peskow bu beýannamasyny derňewiň ýolbaşçysy Robert Oweniň hasabat barada çykyşynyň öňüsyrasynda etdi.

2015-nji ýylyň iýul aýynda Londonyň Patyşalyk adalat sudunda geçirilen diňlenişikde Litwinenkonyň aýalynyň aklawçysy Putini Litwinenkony öldürmekde aýyplady we Kremliň derňewçilere päsgel berýändigini aýtdy.

Britaniýanyň polisiýasy Litwinenkony öldürmekde iki orsýetlini Dmitriý Kowtuny we Andreý Lugowoýy aýyplady we bu işiň Kremldäki elementler tarapyndan maliýeleşdirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG