Sepleriň elýeterliligi

Azeri parlamenti milli puly goldamaga çalyşýar


Azerbaýjanyň premýer-ministri Artur Rasizade azeri parlamentinde çykyş edýär.

Azerbaýjanyň premýer-ministri Artur Rasizade azeri parlamentinde çykyş edýär.

Azerbaýjanyň parlamenti energiýanyň bahasynyň barha aşaklamagy netijesinde dörän ykdysady we maliýe krizisini ýeňip geçmäge gönükdirilen çäreler toplumyny oňlady.

19-njy ýanwarda kanun çykaryjylar merkezi bankyň başlygy Elman Rustamow tarapyndan teklip edilen plany makulladylar. Rustamow bu plany, nebite baý günorta Kawkaz döwletinde milli pul bolan manadyň hümmetiniň aşaklamagy bahalaryň juda gymmatlamagyna getirip, adamlar garyplyga garşy protest çykyşlaryna başlansoň, teklip etdi.

Planda daşary ýurtlarda maýa goýmak üçin ýurtdan çykarylýan daşary ýurt walýutasyna 20 prosent salgyt girizmek göz öňünde tutulýar.

1-nji fewraldan beýläk ýerli banklarda saklanýan depozitler boýunça ätiýaçlyk çäkliligi aýrylyp, banklardaky depozitlere tölenýän peýdadan alynýan on prosent salgyt ýatyrylar.

Manady goldamak boýunça edilen synanyşyklar

Rustamowyň parlamente aýtmagyna görä, bu çäreler "ýurtda ykdysady durnuklylygy saklamaga goltgy bolar". Parlamentde agdyklyk edýän - häkimiýet başyndaky "Täze Azerbaýjan" partiýasy bilen hökümete ygrarly kanun çykaryjylar.

Nebitiň global derejede gereginden artyk öndürilmegi geçen 18 aýyň içinde onuň bahasynyň 70 prosentden-de köpräk aşaklamagyna getirip, Azerbaýjan ýaly energiýadan gelýän girdejä garaşly ýurtlaryň milli puluna hem býujetine oňaýsyz täsir etdi.

Dekabr aýynda ýurduň Merkezi bankynyň walýuta nyrhlaryna kontrollygy ýatyrmagy, köp azerbaýjanlylaryň öz süýşürintgilerini banklardan yzyna almagyna sebäp bolup, manat hümmetiniň üçden birini ýitirdi.

Manady goldamak boýunça edilen synanyşyklarda häkimiýetler ýurduň daşary ýurt walýutasyndaky ätiýaçlyk fondunyň ýarpysyndan gowragyny harç etdiler. Öten hepde hem bankara, şeýle hem aeroportlardaky we myhmanhanalardaky pul çalşylýan kiosklarda daşary ýurt walýutasynyň satylyşy çäklendirildi.

Protestleriň geçirilmegi

Ykdysady şertleriň ýaramazlaşmagy halkyň köçelerde gaharly protestleri geçirmegine sebäp boldy.

15-nji ýanwarda Bakuwyň demirgazygynda ýerleşýän Siýazan şäherinde polisiýa bilen bolan çaknyşykda azyndan 55 demonstrant tutuldy. Kuba etrabynda bolan üýşmeleňlerde hem ençeme adamynyň tutulandygy habar berildi.

Fuzuli etrabynda bolsa bir mitinge rugsat edenligi üçin ýerli resmileriň we polisiýa işgärleriniň birnäçesi tutuldy.

Häkimiýetler oppozision partiýalary bu "bikanun" protestleri gurnanlykda aýyplap, "Halk Fronty" partiýasynyň, şeýle hem "Musawat" partiýasynyň ýerli ýolbaşçylaryny tussag etdiler.

18-nji ýanwarda kiçeňräk üýşmeleňler Astra we Jelalabad etraplarynda hem geçdi.

Prezident Ylham Aliýew 18-nji ýanwarda iň az pensiýa haklaryny we döwlet işgärleriniň aýlyk haklaryny 1-nji fewraldan beýläk on prosent ýokarlandyrmak baradaky permana gol çekdi. Azerbaýjanda ortaça aýlyk haky 460 manat (287 dollar).

Aliýew hökümete, daşary ýurtly we ýerli goýumçylary özüne çeker ýaly, "giň gerimli" hususylaşdyrma programmasyny taýýarlamagy hem-de daşary ýurtlardan karz pul alar ýaly mümkinçiliklere garamagy tabşyrdy.

Ol şeýle hem bank ulgamyny pugtalandyrmagy wada etdi.

XS
SM
MD
LG