Sepleriň elýeterliligi

"Yslam döwleti" diýip atlandyrylýan terrorçylykly gurama degişli internet sahypasynyň Günbatar metbugatynda "Jyhatçy John" lakamy bilen tanalýan adam barasynda duýgudaşlyk ýatlamasynyň çap edilendigi aýdylýar.

"YD"-niň ýaýradan wideolarynda özüni "kapyrlaryň jellady" diýip atlandyran bu adamynyň öldürilendigi habar berilýär.

Pentagon we London asly arap bolan Britaniýanyň raýaty Mohammed Enwaziniň geçen noýabr aýynda ABŞ-nyň harbylarynyň howadan uran dron zarbasy bilen öldürilendigini habar beripdiler.

Emwazi "YD" guramasynyň "Dabik" atly žurnalynda "Abu Muharip al-Muhajir" lakamy bilen ýatlanypdyr. "1437-nji hijri-kamary ýylynyň muharram aýynyň 29-nda (2015-nji ýylyň 12-nji noýabrynda) Abu Muharib ahyrynda Alla üçin köp wagtdan bäri garaşýan şehitlik mertebesine ýetmek arzuwyna ýetdi. Onuň awtoulagyna Rakka şäherinde harby drondan ot açylyp, ol bu hadysada jan berdi" diýip ýazylypdyr.

Emwazi "YD" diýip atlandyrylýan terrorçylykly guramanyň ýesir adamlary öldürişini görkezýän wideolarynda ol toparyň ganhorlugyny suratlandyrýan baş oýunçydy.

Gizlinlikde uçýan dronlar

Ol ABŞ-nyň žurnalistleri Stewen Sotloff bilen James Foleý Amerikanyň ynsanperwerlik kömegini berýän guramasynyň işgäri Abdul-Rahman Kassig, Britaniýanyň ynsanperwerlik ýardam işgärleri Dawid Haines we Alan Henning, Ýapon žurnalisti Kenji Goto dagylar bilen bilelikde başga-da birnäçe zamunyň öldürilişini görkezýän wideolarda esasy rolda çykyş edip, surata düşüpdi.

Ol wideolarda, adatça, diňe gözi görünýän gara eginbaşly görkezilen Emwazi dünýäde eden jenaýatlary sebäpli gözlenilýän esasy adamlaryň biridi.

1988-nji ýylda Kuweýtde doglan Emwazi 6 ýaşyndaka maşgalasy bilen bilelikde Britaniýa göçüp barýar we Londonda kompýuter boýunça bilim alýar.

”Reuters” habar gullugynyň maglumatyna görä, ABŞ bilen Britaniýanyň ýörite toparlary onuň ele salynmagy ýa-da zyýansyzlandyrylmagy üçin ençe aýlap iş alyp barypdyrlar. Şeýlelik-de geçen ýylyň noýabr aýynda bu jyhatçyny raketa bilen urmaga pursat döräpdir.

ABŞ-nyň resmileriniň bildirmegine görä, Pentagona degişli iki sany we Britaniýa degişli hem bir "MQ-9" kysymly dronlar Rakka şäheriniň üstünde gizlinlikde uçup, kän wagtlap amatly pursada garaşypdyrlar.

XS
SM
MD
LG