Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Tolo TW-niň 7 işgäri öldürildi


Tolo TW-niň işgärlerini getirýän awtobusa hüjüm edilende ýedi adam öldi.

Tolo TW-niň işgärlerini getirýän awtobusa hüjüm edilende ýedi adam öldi.

Kabulda, janyndan geçen bombaçy Tolo TW-niň, Owganystanyň meşhur telewizion habarlar guramasynyň işgärlerini getirýän awtobusa hüjüm edende, azyndan ýedi adam öldi.

20-nji ýanwardaky hüjüm «Talyban» bir topar telewizion kanaly, internet we radio nokatlaryny öz içine alýan Tolo TW-ni kanuny «harby nyşana» diýip yglan edeli bäri metbugat guramasyna garşy guralan ilkinji uly hüjümdir.

Içeri işler ministrligi partlamada azyndan 25 adamy ýaraly bolandygyny aýtdy. Kabul polisiýasynyň başlygy Abdul Rahman Rahimi Toýota kysymly awtoulagyň sürüjisiniň awtobusa hüjüm edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG