Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwinenkonyň ölümi Kremlden görülýär


 Aleksandr Litwinenko
Aleksandr Litwinenko

Britan derňewi ozalky rus içalysy Aleksandr Litwinenkonyň 2006-njy ýylda, Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň operasiýasy netijesinde, zäherlenip öldürilendigini aýdýar.

Federal howpsuzlyk gullugynyň operasiýasynyň rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan tassyklanan bolmagynyň ahmaldygy aýdylýar.

Britan sudýasy Robet Oweniň hasabaty Litwinenokonyň ölümine getiren wakalara ýene bir bap goşýar. Ol ýokary derejeli radioaktiw madda, polonium-210 goşulan çaýy içeninden soň ýogalypdy.

Moskwa Litwinenkonyň ölümine dahyllydygy barada öňki bildirilen aýyplamalary ret etdi we hususy derňewiň syýasy sebäplidigini aýtdy.

Litwinenko Britaniýa göçüp, Wladimir Putiniň berk tankytçysyna öwrülmezinden ozal Federal howpsuzlyk gullugynda işledi.

Onuň ölümi we bu iş bilen bagly derňewleriň netijeleri Moskwa bilen Londonyň arasyndaky gatnaşyklary Sowuk uruş döwründen bäri iň aşakky derejelere düşürdi.

XS
SM
MD
LG