Sepleriň elýeterliligi

HRW Kabul hüjümini ýazgardy


Halkara hukuk topary «Talybanyň» janyndan geçen bombaçysynyň 20-nji ýanwarda owgan habar guramasynyň, Tolo TW-niň işgärlerine hüjüm edip, ýedi adamy öldürmegini ýazgardy.

«Human Rights Watch» 21-nji ýanwarda Tolo TW-niň işgärlerini getirýän minibusa hüjüm edilmegini «Owganystanyň heniz berkişmedik metbugat azatlygyny gowşatmaga gönükdirilen wagşylyk» diýip atlandyrdy.

Bombaçy partlaýjy goýlan maşynyny Kabuldaky rus ilçihanasynyň ýanyndan geçip barýan minibusa urdurdy.

Bu hadysada 25 adam ýaralandy, olaryň köpüsi Tolo TW-niň işgäridi. Hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG