Sepleriň elýeterliligi

Rubl hümmetini ýitirmegini dowam etdirýär


Dollar we rubl

Dollar we rubl

Rus rublynyň hümmeti 21-nji ýanwarda hem aşak gaçmagyny dowam etdirip, bir dollar 84 rubl boldy.

Soňky 18 aýda, nebit bahalarynyň aşaklamagy hem-de Moskwa garşy girizilen Günbatar sanksiýalary zerarly, eýýäm mazaly hümmetini ýitiren rubl ýewropa pul birliginiň garşysynda hem peselip, bir ýewro 92 rubldan gowrak boldy.

Tährana garşy sanksiýalaryň ýatyrylmagy bilen, Eýranyň gündelik nebit önümçiligini 500 müň barrelden 3.3 million barrele galdyrjagy eýýäm nebitiň bahasyny has aşak iterdi.

XS
SM
MD
LG