Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kişinýow protestinde 10 adam ýaralandy


Moldowan protesti
Moldowan protesti

Kişinýowdan gelýän habarlarda moldowan paýtagtynda parlament binasyna zabt edilende ýaralanan 10 protestçiniň hassahanada bejergi alandygy aýdylýar.

Irki saýlawlaryň geçirilmegini talap edýän onlarça protestçi 20-nji ýanwarda, täze, ýewropa tarapdar hökümet üçin ses berlenden soň parlamentiň agzyndan içerik kürsäp urdy.

Emma pitnä gaşy polisiýa olary aňryk goýbermedi. Ýedi sany polisiýa ofiseri we ýene üç adam kellesine düşen ýara sebäpli bejergi aldy.

Ýaralananlaryň arasynda Liberal partiýanyň başlygy, ozalky geçiş prezidenti Mihaý Gimpu, Mertebe we hakykat platformasynyň lideri Çiril Motpan hem bar.

Parlament tarapyndan tassyklanan täze hökümete dolandyryjy Demokratik partiýanyň başlygynyň orunbasary Pawel Filip ýolbaşçylyk edýär.

XS
SM
MD
LG