Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Iň gowy” etrabyň işsizlik derdi


2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda geçirilen hökümet maslahatynda Mary welaýatynyň Ýolöten etraby ýurtdaky iň gowy etrap diýlip yglan edilip, 1 million amerikan dollary bilen sylaglandy.

“Ýolöten etraby durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, bugdaý we pagta taýýarlamak baradaky borçnamalary ýerine ýetirmekde, durmuş we medeni ähmiýetli desgalary ulanmaga tabşyrmakda we beýleki görkezijiler boýunça has üstünlikler gazandy” diýlip, türkmen mediasynyň maglumatynda habar berilýär.

Emma bu etrapda ilatyň hal-ýagdaýynyň ýaramazdygyny, işsizligiň ýokary derejededigini käbir ýaşaýjylar belleýärler.

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşiginden özüni Agajuma diýip tanyşdyran ýaşaýjy bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:49 0:00

XS
SM
MD
LG